“Jeýms Uebb” teleskopy Uranyň hemrasy Arielde kömürturşy gazyny tapdy

  • 29.07.2024 11:53
  • 1.9k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan geçirilen täze gözegçilikler Uranyň hemrasy Arielde ep-esli möçberde kömürturşy gazyny tapdy. Bu açyş Arieliň üstki gatlagynyň aşagynda gizlenip  ýatan ummanyň bolmagynyň mümkindigini görkezýär diýip, Astrobiology habar berýär.

Arielde, esasanam, onuň “arka ýüzündäki ýarym şarynda” kömürturşy gazynyň adatdan daşary köp bolmagy alymlary haýran galdyrdy. Günden şeýle uzak aralykda, temperaturanyň aşa pes şertlerinde kömürturşy gazy kosmosda aňsatlyk bilen bugarýar.
Barlarçylaryň pikirine görä, kömürturşy gazy Arieliň üstüne emeli hemranyň çuňlugyndan gelip biler. Täze spektral gözegçilikler diňe suw bilen dag  jynslarynyň täsirleşmegi netijesinde emele gelip bilýän karbonat minerallarynyň bardygyny görkezýär.
Bu açyş beýleki gözegçilikler bilen birlikde, Arieliň geologiki taýdan ozal pikir edilişinden has işjeň bolup biljekdigini görkezýär. Barlagçylar kömürturşy gazynyň we beýleki gazlaryň buz gatlagynyň çat açmagy ýa-da gazlaryň özüniň atylyp çykmagy netijesinde üstki gatlaga çykyp biljekdigini aradan aýyrmaýarlar.
Alnan maglumatlar Urany we onuň hemralaryny öwrenmegiň möhümdigini görkezýär. Planetar ylmy jemgyýet häzirki wagtda Urana bu syrly buz ägirdi barada has jikme-jik maglumat berjek ilkinji missiýasyny işjeň taýýarlaýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....