Balkan welaýatyndaky «Guwlyduz» önümçilik toplumyna halkara Güwänamalary berildi

  • 28.07.2024 13:23
  • 4.7k+

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” önümçilik toplumyna 3 sany halkara Güwanamalary gowşuryldy. Bu baradaky hoş habar 27-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda aýdyldy.

Hususan-da, “Guwlyduz” önümçilik toplumynyň önümleriniň

  • Ekologiýa menejment talaplaryna laýyk gelýän ISO 14001 Güwänama;
  • lukmançylyk önümleriniň ISO 13485 menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky Güwänama;
  • kärhanada duz önümçiligi boýunça menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 talaplaryna laýyk gelýändigini aňladýan Güwänama berildi.

Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......