Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 27.07.2024 09:18
  • 7.8k+

26-njy iýulda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinji bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.
Bulardan başga-da diplomatlar, ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerini jikme-jik ara-alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň we energetika hem-de ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirilmeginiň ýollary boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlede, taraplar halkara we sebitara gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.


düýn 18:57
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......