Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň 3 dilli düşündirişli sözlügi neşir edildi

  • 26.07.2024 19:57
  • 5.7k+

Türkmenistanda geologiýa, seýsmologiýa we geofizika boýunça adalgalaryň iňlisçe-rusça-türkmençe düşündirişli sözlügi neşir edildi. Sözlükde geologiýanyň, seýsmologiýanyň we geofizikanyň dürli ugurlaryna degişli 2000-den gowrak ylmy adalga bar. Ol talyplara we ylmy barlaglary alyp barýanlara halkara edebiýatyny hem-de ylmy gözlegleri elýeterli edýär.

Sözlük Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri duýdurmak we olara seslenmek boýunça milli mümkinçilikleri güýçlendirmek» taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Adalgalar sözlüginiň üç dilde berilmegi hünärmenleriň arasynda gatnaşyklary we bilim alyşmagy aňsatlaşdyrýar, ýerli we halkara bilermenleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam edýär, seýsmologiýa pudagynda gözlegleriň üstünlikli geçirilmegini üpjün edýär, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......