Garaňkyda ýalpyldap, biologiki dargap bilýän plastmassa döredildi

  • 27.07.2024 16:18
  • 5k+

Amerikaly barlagçylar garaňkyda ýalpyldamaga ukyply, biologiki dargap bilýän plastmassany oýlap tapdylar. Nature Sustainability žurnalynda beýan edilen täze material çydamlylygy we biologiki dargamak häsiýetini özünde jemläp, häzirki zaman elektronikasynda ulanylyp bilinjekdigine umyt döredýär.

Tehnologiýanyň syry - ýokary ýagtylyk ukybyny üpjün edýän we materialyň dargamagyny çaltlaşdyrýan himiki birleşme tert-butil efiriniň goşulmagy.
Barlaglar täze polimeriň ýokary elektrolýuminessensiýasynyň (15,1%) bardygyny, bu bar bolan biologiki dargap bilýän lýumessent polimerleriň görkezijilerinden on esse ýokarydygyny görkezdi.
Hyzmat ediş möhleti gutarandan soň, material gowşak kislotaly şertlerde ýa-da 210° C temperaturada gaýtadan işlenip bilner.
Taslamanyň ýolbaşçysy Sze Sýuý: "Biz materiallary, onuň işleýşini pese gaçyrmazdan, ony biologiki dargaýan we ikilenç işlenilmäge ukyply etdik" -diýdi.
Täze polimer, displeýler we lukmançylyk wizulýasiýasy ýaly, häzirki zaman tehnologiýalaryndan başlap, enjamlaryň düýbünden täze nesline çenli, köp zatlarda ulanylyp bilner. Geljekde tehnologiýany jübi telefonlary we kompýuter ekranlary ýaly, elektron enjamlaryna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....