Soda önümçiliginiň galyndylaryndan ýol gurmak teklip edildi

  • 23.07.2024 14:48
  • 7.3k+

Russiýanyň Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNRPU) barlagçylary soda önümçiliginiň galyndylaryny - kalsiý karbonatynyň külkesini ulanyp, awtoulag ýollarynyň toprak gatlaklaryny berkitmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, “Himiýa. Ekologiýa. Urbanistika” konferensiýasynyň materiallarynyň ýygyndysyna salgylanýan Naked Science  ýazýar.

Tehniki ylymlaryň doktory, PNIPU-nyň “Awtoulag we tehnologiki enjamlar” kafedrasynyň professory Konstantin Puginiň sözlerine görä, külkeden peýdalanmak ýol gurluşygynyň çykdajylaryny we galyndylaryň mukdaryny azaldar.

“Biz deslapky synaglary geçirip, topragyň düzümine baglylykda, ony 6-18 göterim güýçlendirip boljakdygyny anykladyk. Bu topragyň daşarky agramlara durnuklylygyny ýokarlandyrýar "- diýip, Pugin gürrüň berdi.

Külkedäki hlorid ionlarynyň ýaramaz täsirini azaltmak üçin, alymlar erkin hlorid ionlary özüne siňdirýän kül tozuny ulanmagy maslahat berýärler.
Barlag “Prioritet 2030” strategiki akademiki liderçilik maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....