Raşid Meredow ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin Pakistana bardy

  • 23.07.2024 11:51
  • 6k+

22-nji iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow pakistanly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin Yslamabada bardy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny, şeýle hem sebitleýin ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär diýip, pakistan habar beriş serişdeleri habar berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berler.
Türkmen diplomatynyň saparynyň barşynda Türkmenistanyň günbatar serhedinden Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana geçjek Turgundy - Hyrat - Kandagar - Spin-Buldak täze demir ýol magistralyny gurmak meselesi maslahatlaşylýar.
Saparyň çäklerinde şeýle hem Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň altynjy mejlisi geçiriler.


şu gün 13:44
946

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....