Braziliýaly hünärmen rus patyşasy Iwan IV-niň keşbini täzeden dikeltdi

  • 22.07.2024 22:35
  • 7.4k+

Braziliýanyň ýüz keşplerini dikeltmek boýunça kazyýet-lukmançylyk hünärmeni Sisero Morais "Gazaply" lakamly rus şasy Iwan IV-iň (1530-1584) üç ölçegli portretini döretdi diýip, Britaniýanyň The Daily Mail gazeti habar berýär.

Moraisiň nobatdaky işiniň sowet antropology Mihail Gerasimowyň 1963-nji ýylda döreden Gazaply Iwan heýkeline ep-esli meňzeşligi bar.
Gerasimow arheologlar toparynyň ýolbaşçylaryndan biri bolup, Moskwa Kremliniň Arhangelsk soborynda patyşanyň we onuň ogullarynyň mazaryny açypdy, soň bolsa onuň beýlebir gowy saklanmadyk kelleçanagy boýunça onuň keşbini dikeldipdi. Gerasimow öz usuly bilen taryhy şahsyýetleriň 200-den gowragynyň heýkeltaraşlyk  portretlerini döretdi.
Morais Gerasimowyň rekonstruksiýasyny, 1564-nji ýylda neşir edilen "Apostol" kitabynyň daşky sahabyndaky Iwan Groznynyň portretini we patyşanyň döwürdeşleriniň taryhy subutnamalaryny ulandy.

Ol modeli Iwan IV-iň kellesiniň kompýuter modeliniň parametrlerine mümkin boldugyça ýakynlaşdyrmak üçin, kellesi meňzeş gurluşly meýletinçileriň maglumatlaryny ulanmak bilen anatomiki deformasiýa usulyndan peýdalandy.

"Ýeke-täk tapawudy - aşaky dodagy bilen eňegi" - diýip, braziliýaly hünärmen bu taslamanyň diňe bir Rusyň hökümdarynyň keşbini täzeden dikeltmäge däl, eýsem, terjimehalyny hem öwrenmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Morais 3D modelirleme arkaly süňk galyndylaryndan onlarça taryhy şahsyýetiň ýüzüni täzeden gurandygy bilen tanalýar.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......