Dalaşgär – 2024: Türkmen oba hojalyk instituty talyplyga kabul edýär

  • 21.07.2024 13:41
  • 21k+

Türkmen oba hojalyk instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyz­matyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyş­hana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seç­gisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ag­rohimiýa we agrotopragy öwreniş; agroeko­logiýa; ýyladyşhana hojalygy; gidromeliora­siýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: wete­ rinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologi­ýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awto­matlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hoja­lygynda).
3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki des­galar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işle­megiň tehnologiýasy).
4. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).
5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).
6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alny­şy we audit (oba hojalygynda); sanly dolan­dyryş).
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — pasportyny;
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa;
ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleri­niň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; weterinar lukmançyly­gy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba ho­jalygyny mehanizmleşdirmek; taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki des­galar — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň yk­dysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howp­suzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyr­mak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil­mek üçin artykmaç hukukdan:

  • — soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94;
Tel.: 9­33­92, 9­40­68, 9­27­47.


düýn 12:16
2.2k+

Türkmenistanda informatika boýunça mekdep olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Bilim ministrliginiň goldawy bilen 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça geçirilen döwlet olimpiadasynyň netijelerini mälim etdi...

düýn 08:44
10k+

Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär...

11.02.2026 15:11
3.6k+

Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar...

08.02.2026 17:41
8.9k+

Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar

  PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi...