Aýda gowagyň tapylmagy kosmos barlaglary üçin täze mümkinçilikleri açýar

  • 21.07.2024 13:14
  • 11k+

TechCrunch-yň habar bermegine görä, astronomlar Aýda ilkinji tassyklanan gowagy tapdylar, bu Aýda geljekki koloniýa üçin amatly ýer bolup biler.

Lunar Reconnaissance Orbiter apparaty tarapyndan alnan maglumatlary ulanyp tapylan gowak, Aýyň görünýän tarapyndaky “Asudalyk Deňzinde” ýerleşýär.
Gowak uzynlygy onlarça metr bolan lawa tuneli bolup, takmynan 100 metr çuňlukdaky çukuryň düýbünde ýerleşýär. Bu açyş Aýda ýerasty tunelleriň barlygy baradaky öňden gelýän çaklamany tassyklaýar. Teoriýa boýunça gowak, ionosferanyň ýoklugy sebäpli, Aýyň üstüne düşýän Günden we kosmiki radiasiýadan gorap biler, şeýle-de, onuň meteoritleriň dökülmesinden we temperaturanyň duýdansyz üýtgemesinden gorajagy hem ikuçsuz.
Gowagyň tapylmagy Aýy öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Barlagçylar gowagyň adam ýaşara ýaramlylygyny bahalandyrmak we Aý bazasyny gurmak maksady bilen tehnologiýalary ösdürmek üçin eýýäm birgiden barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....