Balyk galyndylaryndan biologiki dargap bilýän plastmassany döredildi

  • 21.07.2024 13:13
  • 12k+

Alymlar balyk galyndylaryndan biologiki dargap bilýän plastmassa öndürmek üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar.

Bu oýlap tapyş Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Krasnoýarsk ylmy merkeziniň hünärmenleri tarapyndan beýan edildi.
Barlagçylar balyk ýagy ýaly, dürli uglerod substratlaryndan poligidroksialkanoatlary (PGA) sintezlemäge ukyply Cupriavidus necator-yň bakteriýalaryny ulandylar.
Synaglaryň dowamynda balyk galyndylarynyň üç görnüşi öwrenildi: Baltika deňziniň külkesiniň galyndylary, Atlantika deňziniň skumbriýasy we kakadylan şprot önümçiliginiň galyndylary. Üç görnüşiň üçüsi hem bakteriýalary ýetişdirmek üçin amatly bolup çykdy, ýöne tüssä kakadylan şprot iň gowy netijeleri görkezdi.
48 sagadyň dowamynda bakteriýalar galyndylaryň 60% -ini polimere öwürdi, 72 sagatda bolsa - 70% -ini öwürdi. Täze balyklardan gomopolimer, kakadylan balyklardan has ösen sopolimer alyndy. Alnan materiallaryň ýokary derejeli kristallylygy (71% -e çenli) we ereýiş temperaturasy, takmynan, 160℃, bu bolsa olary köp zatda ulanmaga ýaramly edýär.
Täze tehnologiýa diňe bir balyk galyndylaryny gaýtadan işlemek meselesini çözmäge mümkinçilik bermän, ekologiýa taýdan arassa we biologiki dargap  bilýän plastmassany döretmäge mümkinçilik berýär. Krasnoýarskly alymlarynyň ösüşi daşky gurşawyň plastik galyndylar bilen hapalanmagyna garşy göreşde ýene bir ädim bolup biler.


düýn 10:51
902

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......