“Apeks” stegozawry auksionda rekord 44,6 mln dollara satyldy

  • 20.07.2024 23:37
  • 7.1k+

Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda “Apeks” atly stegozawryň skeleti rekord 44,6 mln dollara satyldy. Bu häzire çenli auksionda gazylyp tapylan zat üçin tölenen iň ýokary bahadyr diýip, CNN habar berýär.

The Guardian-yň maglumatlaryna görä, “Apeks” häzire çenli tapylan doly stegozawr skeletleriniň biridir, onuň, takmynan, asyl 319 süňkünden 254-üsi bar. Ol 2022-nji ýylda Koloradoda paleontolog Jeýson Kuper tarapyndan tapyldy.
“Apeksi” satyn alyjy Citadel hej-gaznasynyň esaslandyryjysy, amerikaly milliarder Kennet Griffin boldy. Griffin özüniň sungat eserlerini we taryhy artefaktlary uly satyn almalary bilen tanalýar. Ol eýýäm Jasper Jonsyň suraty üçin 80 mln dollar, Nýu-Ýorkuň merkezindäki diňde dört gatly jaý üçin 238 mln dollar, Baskiýanyň suraty üçin 100 mln dollar we ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň ilkinji nusgasy üçin 43,2 mln dollar töledi. Forbes işewüriň we kolleksioneriň baýlygyny 37,9 mlrd dollar bilen bahalandyrýar.
“Apeksiň” täze eýesi skeleti ABŞ-daky muzeýe kärendesine bermegi meýilleşdirýär.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......