Gadymy adamlar Günorta Amerika pikir edilişinden 6 müň ýyl ir barypdyr

  • 20.07.2024 12:02
  • 9.8k+

Adamlar, takmynan, 20 müň 800 – 21 müň 100 ýyl ozal, iň soňky buzluk döwründe häzirki Argentinanyň çägine baryp ýetipdirler. Bu öň pikir edişimizden 6 müň ýyl ir bolýar. PLoS One žurnalynda çap edilen täze barlag adamlar Täze Dünýä buzluklar eränden soň göçüp barypdyr diýen giň ýaýran çaklamany şübhe astynda goýýar.

Argentinaly barlagçylar Merlo şäheriniň golaýyndan tapylan äpet bronenosesiň (gadymy haýwanyň ady) galyndylaryny öwrendiler. Süňklerde daş gural bilen kesilene häsiýetli yzlar bar, läş synag üçin pudarlanana meňzeýär. Radiouglerod arkaly senesini anyklamak usuly  tapyndynyň ýaşyny tassyklady.
Bu sene 15 müň ýyllyk diýlip tassyklanan öňki tapyndydan ep-esli uly we Amerika buzluklar eränsoň göçülip barlypdyr diýlen “ilki Klowis” çaklamasyna ters gelýär. Täze açyş adamlaryň Buz eýýamynyň agyr şertlerine uýgunlaşandygyny we Günorta Amerikanyň çägini has ir özleşdirendigini görkezýär.
Bu açyş alymlaryň öňünde täze sowallary goýýar: näme üçin Günorta Amerikada şeýle ýaşdaky gadymy adamlaryň daşa öwrülen galyndylary häli-häzire çenli tapylmandyr? Bu soraga jogap indi tapylmaly, ýöne täze subutnamalar adamlaryň Täze Dünýä göçüp barmagynyň taryhynyň ozal pikir edişinden has çylşyrymly we gyzyklydygyny görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....