ÝHHG Aşgabatda emeli aň boýunça maslahat geçirdi

  • 20.07.2024 09:38
  • 3.3k+

17-18-nji iýulda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň gurnamagynda garyşyk görnüşde «Emeli aň we onuň söz azatlygyna täsiri» atly maslahat geçirildi. Halkara bilermenler Ognýan Zlatew (Bolgariýa) we Andreý Rihter (Awstriýa) maslahata tälimçiler hökmünde gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Maslahatyň birinji gününde oňa gatnaşýanlaryň dykgatyna emeli aňyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly hukuk kadalaryna syn, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň, sanly hyzmatlar, metbugat azatlygy baradaky kanunlary hödürlendi. Şeýle hem KHBS-iň azatlygy, Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň baradaky 2024-nji ýylda kabul eden çarçuwaly konwensiýasy, ÝUNESKO-nyň metbugat sowatlylygy baradaky hasabaty, şeýle hem bu işe algoritmik gözegçilik meseleleri boýunça tekliplerdir çemeleşmeler bilen tanyşlyk bolup geçdi.
Çäräniň ikinji gününde dürli ýurtlaryň emeli aňy sazlama we ondan peýdalanmagyň edep meselelerine, sanly gigiýena we internet sowatlylygyna garaýşy barada gürrüň edildi. Maslahata gatnaşanlar emeli aňyň durmuşa girizilmeginiň oňyn we tersin taraplaryna garadylar, özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça bilermenler bilen pikir alyşdylar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......