Wenerada tapylan himiki birleşmeler ol ýerde ýaşaýşyň bar bolmak ähtimallygyny görkezýär

  • 19.07.2024 23:59
  • 7.3k+

Wenerada ýaşaýşyň bardygyny aňladyp biljek iki himiki birleşme bolan ammiak we fosfin tapyldy. Bu barada Angliýadaky Milli Astronomiýa Assambleýasynyň alymlaryna salgylanýan The Guardian habar berýär.

Londonyň Imper kollejiniň gözlegçileri “Jeýms Klark Makswell” teleskopynyň kömegi bilen Wenera atmosferasynda fosfiniň bardygyny tassykladylar. Ondan öň 2020-nji ýylda Wenerada fosfiniň tapylmagy alymlaryň arasynda jedel döredipdi.
Kardiff uniwersitetinden bolan başga bir gözlegçiler topary, Green Bank teleskopyny ulanyp, Wenerada ammiagyň tapylandygyny tassykladylar. Planetanyň atmosferasynda ammiagyň bardygyny belli atmosfera ýa-da geologiki amallaryň üsti bilen düşündirmek kyn.
Ýerdäki fosfin we ammiak, köplenç janly organizmler tarapyndan öndürilýär. Wenerada bu himiki serişdeleriň tapylmagy, ýaşaýşyň bar bolmagynyň gönüden-göni subutnamasy däldir. Ýöne bu açyşlar uly gyzyklanma döredip, has köp gözlegleri talap edýär.
Wenera Gün ulgamynyň iň gyzgyn planetasy bolup, onuň ýerüsti temperaturasy +450 °C ýetýär. Şeýle-de bolsa, Weneranyň takmynan 50 km belentlikdäki şertleri Ýerdäki şertlere ýakyndyr. Bu bolsa, ony ýaşaýyş üçin amatly edip biler.


şu gün 00:18
169

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....