Aşgabatdaky syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi başlangyç hünär bilimi boýunça dalaşgärleri kabul edýär

  • 19.07.2024 15:58
  • 10k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2024/2025-nji okuw ýyly üçin başlangyç hünär biliminiň aşakdaky hünärleri boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Syýahatçylygyň hukuk taýdan dolandyrylyşy – okuwyň möhleti 1,5 ýyl
  2. Buhgalterçilik işi – okuwyň möhleti 1,5 ýyl
  3. Syýahatçylyk hyzmatlary – okuwyň möhleti 1 ýyl

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň başlangyç hünär bilimi boýunça hünärlerine 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndan 25-nji awgust aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberindäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 29-y we 30-y günlerinde Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy, Jemgyýeti öwreniş we Matematika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmekdikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde 3 aý möhlete çenli görkezilen hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar:

  1. Gid terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)
  2. Kompýuter sowatlylygy

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: Okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
Orta hünär okuw mekdebiniň beýleki hünärleri bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz: syyahatohom.edu.tm
Salgysy: Aşgabat ş., Berkararlyk etraby, 2105/5 (Mämmet Gurbanow) köçesi, 33,
Tel: 76-74-14;
76-75-15;
76-75-05.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......