Aşgabatda Türkmenistanyň we Singapuryň DIM-niň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

  • 18.07.2024 14:41
  • 2.7k+

17-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......