Alymlar “planetanyň” kesgitlemesine täzeden garamagy teklip edýärler

  • 18.07.2024 12:30
  • 6.4k+

Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary Halkara Astronomiýa Bileleşigi (HAB) üçin “planeta” düşünjesiniň täze kesgitlemesini teklip etdiler. 2006-njy ýylda kabul edilen häzirki kesgitleme beýleki ýyldyzlaryň töwereginden  aýlaýan asman jisimleri bolan ekzoplanetleri öz içine almaýar.

Hünärmenler öz delillerini arXiv çeşmesindäki makalasynda hödürlediler: ilkinji we iň aýdyň zat - biziň ulgamymyz bilen çäklendirmegi bes etmeli. Ikinjisi, obýektiň planetadygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin mukdar ölçeglerini öz içine almaly.
Barlagçylar tarapyndan hödürlenen täze ölçegler toplumy, matematiki algoritmiň kömegi bilen Gün ulgamynyň planetalarynyň häsiýetleriniň seljermesine esaslanýar. Täze kesgitlemä görä, planeta  bu::

  • Bir ýa-da birnäçe ýyldyzyň, goňur karlikleriň ýa-da ýyldyz galyndylarynyň töwereginden aýlanýan;
  • Massasy 10 ^ 23 kg-dan gowrak (Merkuriniň massasynyň üçden birine golaý), ýöne  Ýupiteriň  massasyndan  13 esse az (2,5 × 10 ^ 28 kg), sebäbi ondan uly massaly obýektler goňur karlikler bolup biler;
  • "Dinamiki agdyklygy" bolan, ýagny orbitasyny kiçi zatlardan arassalamak üçin ýeterlik ululygy bolan asman jisimidir.

Awtorlar “dinamiki agdyklyk” kriteriýasynyň girizilmegi hakyky planetalary Pluton we asteroid ýaly, karlik planetalardan aýdyň tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.
Teklip edilýän kesgitleme 2024-nji ýylyň awgust aýynda HAB-ne tabşyrylar. Emma, ol kabul ediläýen ýagdaýynda-da, durmuşa ornaşdyrylmagy üçin birnäçe ýyl gerek bolar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....