Hytaýda täze Volkswagen Bora 200TSI-niň bahasy 10 000 dollardan arzanlady

  • 18.07.2024 12:00
  • 7.3k+

Hytaýda Volkswagen alyjylary özüne çekmek üçin täze Bora 200TSI sedanynyň bahasyny ep-esli arzanlatdy. Arzanlaşyklary, döwlet subsidiýalaryny we karzyna satyn almak tekliplerini göz öňünde tutmak bilen, awtoulagy 9 600 dollara satyn alyp bolýar.

Bora 200TSI-niň çak edilýän bahasy 15,500 dollar bilen 19,800 dollar aralygyndadyr, ýöne Volkswagen arzanlaşyk bilen bilelikde öňünden tölegsiz we iň az göterim bilen karzyna satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Awtoulagy trade-in (könäni täzä çalyşmak) arkaly satyn alanyňyda, 1000 dollara çenli hökümet subsidiýasy bardyr. Mundan başga-da, mugt tehniki hyzmat hödürlenýär.
Bora 200TSI-niň esasy wersiýasy kuwwatlylygy 85 kilowat bolan 1,2 litrlik turbo hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem awtoulag, iki ekran, gurnalan nawigator, LED optika, awtomatiki faralar we elektrik aýnalar bilen üpjün edilendir.
Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaýda Toyota Camry, Honda Accord we Volkswagen Passat ýaly meşhur modelleriň köpüsinde arzanlaşyk dowam edýär. Awtoulaglar 30%-e çenli arzanlaşyk bilen satylýar.


şu gün 07:52
1.7k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......