Toyota Camry, Honda Accord we Volkswagen Passat Hytaýda 30% arzanladyş bilen satylýar

  • 16.07.2024 15:52
  • 15k+

Hytaýyň awtoulag bazarynda baha "döwüşlik" dowam edýär. Elektrik ulaglarynyň we gibridleriň barha artýan meşhurlygyna garşy durmak üçin ýapon we nemes awtoulag öndürijileri nusgawy benzin modellerini ep-esli arzanladyş bilen hödürleýärler.

Toyota, Honda we Volkswagen meşhur modellerini 30 göterime çenli arzanladyş bilen hödürleýär.
Hususan-da, 2,0 litrlik benzin hereketlendirijili we wariatorly Toyota Camry XV80-ni indi, ähli arzanladyşlardan we ýörite tekliplerden soň, 16,5 müň dollara satyn alyp bolýar. Honda Accord 14,7 müň dollara satylýar. Volkswagen Passat-y 14,5 müň dollara satyn alyp bolýar - bu modeldäki arzanladyşlar 10,6 müň dollara ýetýär.
Bahalaryň aşakladylmagy ýapon we nemes markalarynyň elektrik ulaglaryň we gibridleriň çalt meşhurlyk gazanýan Hytaý bazaryndaky paýyny saklamaga synanyşyklar bilen şertlendirilýär.
Iýun aýynda Camry-niň we Accord-yň, takmynan, 12 müň birligi satyldy. Volkswagen Passat iň gowy netijeleri görkezýär - bu modeliň 17,1 müň birligi satyldy.


düýn 14:05
3.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......