Gazagystanyň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 17.07.2024 23:55
  • 3.8k+

17-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewden ynanç hatyny kabul etdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda Serdar Berdimuhamedow we ilçi Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini we bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary  ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika we ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, Serdar Berdimuhamedow we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň hem-de geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdylar.
Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanyna ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....