Jeýms Uebb teleskopyndan täsin surat: “Ýumurtgany goraýan galaktiki pingwin"

  • 17.07.2024 23:33
  • 9.9k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy “Pingwin” we “Ýumurtga” diýlip atlandyrylan iki galaktikanyň arabaglanyşygyny görkezdi. Arp 142 diýlip atlandyrylýan bu jübüt, Ýerden 326 million ýagtylyk ýyly uzaklykda Gidra ýyldyzlar toplumunda ýerleşýär.

“Pingwin” (NGC 2936) köne ýyldyzlardan düzülen elliptik “Ýumurtga” (NGC 2937) galaktikasynyň dartyş güýji bilen şekilini üýtgeden uly spiral görnüşindäki galaktikadyr. 25-75 million ýyl mundan ozal başlan bu ikitaraplaýyn hereketiň netijesinde “Pingwin” galaktikasy guşy ýada salýan şekile eýe boldy.
Bu galaktikalaryň biri-birine täsiri, “Pingwinde” her ýyl 100-200 täze ýyldyzlaryň dünýä inmegine sebäp boldy. Astronomlar “Pingwin” we “Ýumurtganyň” biri-birinden takmynan 100 000 ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýändigini aýdýarlar we hereketiň dowam etmegi bilen 100 millionlarça ýyldan soň olaryň bir bitewi galaktika boljakdygyny çaklaýarlar.
NASA tarapyndan neşir edilen surat, degişlilikde ýakyn we orta infragyzyl aralykda işleýän NIRCam we MIRI kameralary tarapyndan düşürilen suratlaryň birleşdirilen şekilidir.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....