NASA adamlary 2 aýda Marsa eltip biljek raketany işläp taýýarlaýar. Häzirki tehnologiýalarda munuň üçin 2 ýyl gerek

  • 16.07.2024 13:48
  • 4.6k+

NASA we Howe Industries kompaniýasy adamlary Marsa iki aýyň dowamynda eltip biljek  täze raketa ulgamyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Taslama Pulsed Plazma Rocket (PPR) diýlip atlandyrylýar we häzirki wagtda ol NASA-nyň Innovative Advanced Concepts maksatnamasynyň maliýeleşdirmeginde işläp taýýarlamaklygyň ikinji tapgyrynda barýar.

PPR-ni işläp taýýarlamak bilen esasy maksat - Marsa uçuşyň wagtyny azaltmak. Häzirki bar bolan tehnologiýalar arkaly syýahat etmek iki ýyla golaý wagt alýar, bu bolsa kosmiki radiasiýanyň kosmonawtlaryň saglygyna täsir edýändigi sebäpli diýseň howpludyr.
PPR kuwwatly itergi döretmek üçin ýokary derejede gyzdyrylan plazmanyň impulslaryny ulanar. Ulgam 4-6 ýolagçyly apparatyň sagatda takmynan 160 müň kilometre çenli tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik berýän 5000 sekuntda udel impuls döretmäge ukyplydyr.
Howe Industries, ýokary tizlige garamazdan, tormoz tutmak we Marsa gonmak üçin zerur bolan goşmaça energiýanyň we ýangyjyň gerek boljakdygyny göz öňünde tutandygyny aýdýar.
PPR-y işläp taýýarlamak uzak möhletli taslama hasaplanýar. Hereketlendirijiniň synagyny we synag kosmos gämisiniň gurluşygyny öz içine alýan ikinji tapgyry tamamlanmak üçin, hatda birnäçe onýyllyk gerek bolar.
Şeýle-de bolsa, taslama şowly bolsa, PPR diňe bir Marsa däl, eýsem beýleki planetalara-da uçuş wagtyny azaldyp, kosmos syýahatynda öwrülişik döredip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....