«Türkmenistanda öndürilen»: Daşkentde türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirilýär

  • 16.07.2024 11:36
  • 6.4k+

15-nji iýulda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň wise-premýeri B.Atdaýew, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Sergi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazanan üstünliklerini, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini we onuň geljegi uly bolan ugurlaryny görkezýär. Sergide myhmanlar 13 sany döwlet edarasynyň we dürli ugurlar boýunça 60 sany türkmen kärhanalarynyň hem-de kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, dokma önümleri, gurluşyk önümleri, öý we senagat üçin niýetlenen himiýa serişdeleri, azyk önümleri we ş.m. görmek bolýar.
Şeýle hem bu sergi görkeziş meýdançalary, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga gönükdirilen işewür duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolup hyzmat eder.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......