Türkmen multiplikatorlary Bakuda geçiriljek ANIMAFILM festiwalyna çagyryldy

  • 15.07.2024 14:31
  • 3.8k+

Türkmen animasion studiýalary 2024-nji ýylyň 2-6-njy oktýabrynda Bakuda geçiriljek ANIMAFILM 7-nji Halkara animasion festiwalyna çakylyk aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Mahabat" müdirliginde habar berdiler.

Festiwal Azerbaýjanyň Animasiýa assosiasiýasy tarapyndan guralyp, oňa gatnaşyjylara öz işlerini bäsleşik maksatnamasyna hödürlemäge mümkinçilik berýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar FilmFreeway onlaýn platformasynyň üsti bilen tabşyrylmaly.
Filmler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň döredilen bolmaly we azyndan 50% animasiýadan ybarat bolmaly.
Türkmen animatorlarynyň ANIMAFILM festiwalyna çagyrylmagy Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň arasynda animasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň netijesi bolup durýar.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....