Disney Ýaponiýada syýahatçylar üçin kaşaň kruiz gämisini gurar

  • 15.07.2024 11:28
  • 4k+

Disney we Ýaponiýanyň Oriental Land Company kompaniýasy 2029-njy ýyldan Tokiodan gatnap başlajak täze kruiz gämisini gurmak boýunça bilelikdäki taslamany mälim etdiler. Bu barada Reuters habar berýär.

2 mlrd dollar bahaly taslama 4 müň ýolagça we 1,5 müň ekipaž agzasyna niýetlenen gäminiň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Onuň gurluşygy geljek ýylyň ýazynda başlar.
Gäminiň ulanylyşa goýberilenden soň ilkinji ýyllar, takmynan, 100 mlrd ýena ($621,8 mln) ýyllyk girdeji getirmegine garaşylýar.

“Ýaponiýadan gatnaw, bilşimiz ýaly, Disney-iň iň uly muşdaklarynyň biri bolan ýapon myhmanlary üçin deňizde dynç alşy has elýeterli eder” – diýip, Disney Signature Experiences-iň prezidenti Tomas Mazlum belledi.

Disney Cruise Line “The Walt Disney Company-nyň” golçur kompaniýasydyr. Ol 1996-njy ýylda hasaba alyndy. Täze gämi kompaniýanyň häzirki wagtda Disney Magic, Disney Wonder, Disney Dream we Disney Fantasy gämilerini öz içine alýan flotunda bäşinji bolar. Olaryň ählisi XX asyryň 30-njy ýyllarynyň birmeňzeş stilinde ýerine ýetirilen we hökmany ýagdaýda çagalaryň söýgüli gahrymany Mikki Mausyň keşbi bilen iki sany gyzyl tüsse turbasy bardyr.
Disney Cruise Line dürli sebitlerde gatnawlary hödürleýär: Ýewropa, Panama kanaly, Karib basseýni, Alýaska we Ýuwaş umman, Bagama suwlary, şeýle-de transatlantik gezelençler. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......