Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 14.07.2024 09:14
  • 8.2k+

11-nji iýulda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Ýasin Ekrem Serim bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik wekilhanada habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek nukdaýnazaryndan gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselesi boýunça pikir alşyldy.
Bulardan başga-da, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.


düýn 18:57
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......