Serdar Berdimuhamedow bilim ministrini wise-premýer edip belledi

  • 12.07.2024 21:47
  • 28k+

12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow N.Amannepesowy  başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerinde netijeli ulanar.


Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy.
B.Orazdurdyýewa bildiren ýokary ynamy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu toplumyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görjekdigine ynandyrdy.
Serdar Berdimuhamedow bilim ministri wezipesine Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýewi belledi.
Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine 2024-nji ýylyň fewralynda bellenildi. Ondan öň, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinde işleýärdi.
Täze wise-premýer hukuk ugrundan ýokary bilim aldy. Ol Magtymguly adyndaky TDU-da mugallym, bilim ministriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.


düýn 18:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......