Türkmenistanyň Başkortostan bilen özara haryt dolanyşygy 3,6 esse artdy

  • 12.07.2024 15:11
  • 6.9k+

2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Başkortostan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 esse artdy. Bu barada Başkortostan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar we kongres işi ministri Margarita Bolyçewa MK neşirine habar berdi.

Onuň bellemegine görä, bellenilen döwürde Başkortostandan Türkmenistana ibermeler 5,1 esse artdy. Himiýa senagatynyň önümleri we kauçuk eksportyň esasy bölegini düzdi (61,1%), bulardan başga-da, azyk harytlary we çig mallar (37,2%) bar. Ibermeleriň sanawyna şeýle hem maşyngurluşyk önümleri, agaz we sellýuloza-kagyz önümleri girdi.
2023-nji ýylda Türkmenistan Başkortostanyň kontragent-ýurtlarynyň sanawynda 22 dereje ýokary süýşüp, 27-nji orny eýeledi. Şonda bu iki ýurduň özara haryt dolanyşygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4 esse artdy.
Bellenilişi ýaly, ibermeleriň möçberlerini mundan beýläk hem artdyrmak üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda derman serişdeleri, motorly ulag serişdeleri, obasenagat toplumy, lukmançylyk, syýahatçylyk, maşyngurluşygy, ýeňil senagat, moda we dizaýn ugurlary bar.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......