Alymlar adamlara mumiýalardan gadymy wiruslaryň ýokuşyp biljekdigi baradaky toslamany ret etdiler

  • 12.07.2024 11:33
  • 12k+

Köp filmleriň we kitaplaryň sýužetleri mumiýalaryň gadymy ýokanç keselleriň çeşmesine öwrülip biljekdigine esaslanýar. Emma alymlar beýle gorkularyň esassyzdygyny nygtaýarlar.

Hünärmenler wiruslaryň aglabasynyň, şol sanda mama keseliniň, inçekeseliň we heýwere keseliniň diri ýokuşdyryjy organizm bolmasa ýaşap bilmeýändigini aýdýarlar. Bu wiruslar çalt sandan çykýarlar we birnäçe ýylyň içinde ýok bolýarlar. Mumiýalarda tapylan gadymy wiruslaryň DNK-sy hem işjeňleşip bilmeýär.

“Parazitleriň köp görnüşi bir-iki ýylyň içinde ölýär. 10 ýyldan gowrak wagtdan soň bolsa olardan nam-nyşan galmaýar " - diýip, Kembrij uniwersitetiniň Gadymy parazitler barlaghanasynyň müdiri Pirs Mitçel aýdýar.

Mumiýalarda içege gurçuklary ýaly parazitler hem bolup biler, ýöne olar howply däl. Olaryň aglabasy eýesi bilen bilelikde ýogalýar, galanlary bolsa uzak ýaşap bilmeýär.
Şeýlelik bilen, alymlar mumiýalaryň häzirki zaman adamlary üçin howp salmaýandygyna ynanýarlar. Şonuň üçin gadymy wiruslaryň ýokuşmak ähtimallygy diňe ylmy esasy bolmadyk mifdir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....