Mary welaýaty hem galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi

  • 12.07.2024 08:51
  • 5.3k+

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, daýhanlar döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Tabşyrylan önüm üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk işlerinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.
Mary welaýatynyň gallaçylary Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar.
Mundan öň, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň gallaçylary hem şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda 270 müň tonnadan gowrak, Ahal welaýatynda 400 müň tonnadan gowrak, Lebap welaýatynda bolsa 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygy barada habar berildi.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......