Yzygider 13-nji rekord: BMG iýun aýynyň taryhda iň yssy aý bolandygyny aýtdy

  • 11.07.2024 18:47
  • 12k+

2024-nji ýylyň iýun aýy gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý we aýlyk temperatura rekordyny goýan yzygider 13-nji aý boldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Howanyň üýtgemegi gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, BMG habar berýär.

Iýun aýynda ortaça global temperatura industrialdan öňki döwre garanyňda 1,5 gradus ýokary boldy. Deňiz üstüniň ortaça temperaturasy bolsa rekord 20,85 gradusa ýetdi.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Selesta Saulo wagtlaýyn 1,5 gradus ýokarlanmanyň Pariž şertnamasynyň howanyň gyzmagyny çäklendirmek maksadynyň hemişelik ýitirilendigini aňlatmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol bug gazlarynyň zyňyndylarynyň dowam etmeginiň täze rekordlara we adatdan daşary howa şertleriniň güýçlenmegine getirjekdigini belläp geçdi.
Iýun aýynda köp ýurtlar dowamly ýylylyk tolkunlary bilen ýüzbe-ýüz boldular, bu eýýäm häzir adamlaryň durmuşyna düýpli täsir edýär. Selesta Saulonyň aýtmagyna görä, demirgazyk ýarym şarda tomus yssysy iň ýokary derejä heniz ýetmedi we adatdan daşary has yssy döwürlere garaşylýar.
Ylmy jemgyýet Selsiý boýunça 1,5 gradusdan gowrak gyzmanyň howanyň üýtgemeginiň betbagtçylykly netijelerine getirip biljekdigini we ýylamanyň her gradus böleginiň uly rolunyň bardygyny duýdurýar.


düýn 17:05
7.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

düýn 10:04
6.8k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

03.06.2026 12:21
9.2k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....