Fizikler kwazikristallardan dünýäniň iň çylşyrymly labirintini döretdiler

  • 10.07.2024 11:33
  • 5k+

Beýik Britaniýaly we şweýsariýaly fizikler kwazikristallara - kämil däl, ýöne tertipli gurluşy bolan ekzotik maddalara esaslanýan dünýäde iň çylşyrymly gurluşy döretdiler. Olaryň işleri çäksiz ulalyp bilýän fraktal labirint döretmäge mümkinçilik berdi diýip, Hi-Tech neşiri ýazýar.

Kwazikristallar – bu materianyň tertipli, ýöne gaýtalanmaýan gurluşa eýe bolan ekzotik görnüşidir. Alymlar olaryň, absorbentler ýa-da katalizatorlar ýaly, gowulandyrylan aýratynlykly täze materiallary döretmekdäki mümkinçilikleri bilen köpden bäri gyzyklanyp gelýärler.
Physical Review X  neşirinde beýan edilen täze barlagda fizikler kwazikristally gurluşlaryň içinde fraktal labirintleri döretmek üçin matematiki usullary ulandylar. Bu labirintler gamilton siklleriniň häsiýetlerine eýedir, bu ýerde her bir atom diňe bir gezek baryp, üznüksiz ýoly emele getirýär.

Alymlar küştde atyň edýän göçüminden  ylham aldylar, munda bu küşt maly tagtanyň ýüzüni aýlanyp çykanda her öýjüge diňe bir gezek barýar.
Alymlaryň sözlerine görä, bu labirint şekilli gurluşlar köp sanly amaly işlerde ulanylyp bilner. Mysal üçin, kömürturşy gazyny ýa-da beýleki molekulalary tutup almakda has netijeli absorbentleri döretmek üçin ulanylyp bilner. Labirintleriň fraktal tebigaty netijeliligini ýokarlandyrýan materialyň üstki meýdanyny ulaldýar, bu bolsa öz gezeginde onuň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, bu usul beloklaryň uýamagyny simulirlemekde ulanylyp bilner. Beloklaryň  işjeň görnüşe nähili öwrülýändigine düşünmek - täze dermanlary we bejeriş usullaryny ösdürmekde möhümdir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....