Gün panelleriniň sany barha artýar: alymlar ekin meýdanlaryna abanýan howpy ýüze çykardylar

  • 09.07.2024 10:16
  • 9.5k+

Research Square žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, Gün panelleri bilen örtülen meýdanlaryň sany barha artýar. Eýýäm 2018-nji ýylda Gün panelleri bütin dünýäde 1300 inedördül kilometrden gowrak ekin meýdanlaryny eýeledi. Bu meýdanlar bir ýylda 4,3 million adamy iýmit bilen üpjün edip bilerdi.

Hytaýyň Çzeszýan uniwersitetinden Sýao Wunyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler, bu tendensiýa dowam ediberse, 2050-nji ýyla çenli azyk önümleriniň ýitgileriniň takmynan 16 esse artyp biljekdigini nygtaýarlar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler ýerleri öri meýdanlary üçin ulanmak, oba hojalygynyň ýerleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak we has ykjam panelleri döretmek ýaly faktorlary göz öňünde tutmaýandyklaryny belläp geçdiler.
Daýhanlar hem öz gezeginde Gün energiýasynyň ösüşinde howp görmeýärler. Nature Friendly Farming Network guramasy Angliýada öndürilen gallanyň 62 %-iniň mal bakmaga sarp edilýändigini belläp geçýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....