Adam gatyşmazdan döredilen raketa hereketlendirijisi synagdan geçirildi

  • 08.07.2024 14:22
  • 4.2k+

Dubaýyň LEAP 71 başlangyjy emeli aňyň kömegi bilen döredilen suwuk raketa hereketlendirijisini üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Arabian Business neşiri ýazýar.

Noyron TKL-5 diýlip atlandyrylýan hereketlendiriji Noyronyň AI modelini ulanyp döredildi. Ol 3D-printerde misden çap edildi we Beýik Britaniýanyň raketa synag meýdançasynda synagdan geçirildi.
Noyron TKL-5 suwuk kislorodda we kerosinde işleýär. Synag wagtynda hereketlendiriji iň oňat öndürijilik görkezdi, bäş kilonýuton çekijiligi döredip, garaşylýan 20 müň at güýjüni öndürdi. Şeýle hem, uzak ýanmak ýaly, ähli synaglardan hem  geçdi.
Synaglardan soň LEAP 71 başlangyjynyň inženeri we müdiri Ýozefina Lissner: "Indi biz funksional raketa hereketlendirijilerini awtomatiki döredip we dessine olary amaly synaglardan geçirip bileris" -diýdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....