Marsda düýp tutup biljek ösümlik tapyldy

  • 07.07.2024 02:26
  • 10k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň barlagçylary Marsdaky basyşy, temperaturany, gazyň düzümini we ultramelewşe şöhleleriniň derejesini simulýasiýa edýän synagy geçirdiler. Netijeler bir hepdelik synagdan geçen garaharsaňyň ýaşamak we täzeden janlanmak ukybyny saklap galýandygyny görkezdi.

Ekstremal şertlere durnuklydygy bilen tanalýan Syntrichia caninervis Antarktidada we Mohawe çölünde duş gelýär. Ol -80 ° C-a çenli temperaturada ýaşap, elektromagnit şöhlelenmesiniň täsirine çydap bilýär.
Alymlaryň pikiriçe, garaharsaň Marsy özleşdirmekde "geljegine umyt baglap boljak ilkinji ösümlik" bolup biler. Şeýle-de bolsa, synag wagtynda kosmiki radiasiýanyň garaharsaňa etjek täsiri öwrenilmedi. Şeýle hem, alymlar garaharsaňyň Marsda kislorodyň möhüm çeşmesine öwrüljegini-öwrülmejegini ýa-da şol ýerde köpelip biljegini-bilmejegini barlap bilmediler.
Muňa garamazdan, barlag Gyzyl planetany ösümlik dünýäli ýere öwürmek üçin Ýerdäki ösümlikleri ulanmak mümkinçiliginiň bardygyna umyt döredýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....