Hindistan Aýa adam ibermek üçin raketanyň täze neslini işläp taýýarlaýar

  • 04.07.2024 12:20
  • 2.8k+

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) öz astronawtlaryny Aýa ibermek üçin raketa göterijileriň täze neslini işläp taýýarlamaklyga girişdi. Bu barada ISRO-nyň başlygy Sridhara Paniker Somnath NDTV teleýaýlymyna beren interwýusynda habar berdi.

Raketa NGLV "Surýa" (hindiçe "Gün hudaýy") diýlip atlandyryldy we aşaky basgançagynyň suwuk kislorod we metan hereketlendirijileri, ýokarky basgançagynyň bolsa kriogen hereketlendirijisi bolar.
Somnathyň sözlerine görä, “Sýurýa” hindi kosmos gämisini 2040-njy ýyla çenli Aýyň üstüne ibermek meýilleşdirilýär.
Täze raketanyň işlenip taýýarlanmagy Hindistanyň ägirt uly Aý maksatnamasynyň bir bölegidir. 2023-nji ýylyň awgust aýynda “Çandraýan-3” hindi missiýasynyň uçurylan moduly Aýyň Günorta polýusynyň golaýyna üstünlikli gondy we şeýlelikde, Hindistan Ýeriň emeli hemrasynyň üstüne ýumşak gonuşy amala aşyran dünýäde dördünji ýurt boldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....