Tesla-nyň Berlindäki zawodynyň golaýyndan Ikinji jahan urşy döwrüniň partlamadyk jisimi tapyldy

  • 01.07.2024 12:30
  • 14k+

Tesla-nyň Berlindäki zawodynyň golaýynda Ikinji jahan urşy döwrüniň bombasy zyýansyzlandyryldy. Grýunhaýda Tesla zawodyny giňeltmek üçin niýetlenen çäkde partlaman galan 250 kilogramlyk bomba tapyldy diýip, Teslarati ýazýar.

Bomba ýük ulaglarynyň magistralyny çekmek işleri gidýän mahalynda tapyldy.
Brandenburgyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň berýän habaryna görä, bombany ulagly äkitmek mümkin bolmansoň, ony ýerinde gözegçilik astynda partlatmak arkaly ýok etmek kararyna geldi.
Bu Tesla Gigafabriginiň töwereginde Ikinji jahan urşy döwründen galan ok-därileriň ilkinji gezek tapylyşy däl. 2019-njy ýylda zawod taslamalaşdyrylýan wagtynda hem hünärmenler partlamadyk snarýadlary hem tapypdylar.
Ýerli häkimiýetler çägiň howply jisimlerden doly arassalanmagyny üpjün etmek üçin bu ýerde goşmaça gözleg işleriniň geçiriljekdigini habar berdiler.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....