Alymlar kaktus armydynyň bio ýangyç üçin amatlydygyny aýdýarlar

  • 30.06.2024 23:59
  • 6.5k+

Rinodaky Newada uniwersitetiniň alymlar topary kaktus armydynyň bio ýangyjyň geljegi uly çeşmesi bolup biljekdigini ýüze çykardylar. Ol kän suw talap etmeýär we ösümligi gurak sebitlerde hem ösdürip ýetişdirip bolar.

Ösümlikleriň 14 görnüşi üç ýyllap synagdan geçirende olaryň käbiriniň ýokary hasyllydygy we ep-esli mukdarda biomassany öndürmäge ukyplydygy anyklandy.
Aýratynam tikenli ýabany armyt bilen onuň tikensiz görnüşiniň esasynda döredilen gibrid görnüş ünsi özüne çekdi. Bu gibrid diňe bir ýokary hasyllylyk görkezmek bilen çäklenmän, eýsem örän çydamly we aňsat köpelgiç bolup çykdy.
Barlaglar kaktus armytlarynyň howanyň üýtgemegine çydamlydygyny we beýleki ösümliklere garanyňda, ep-esli az suw talap edýändigini, olaryň biomassasyny sygyr dersi we beýleki galyndylar bilen bilelikde ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürmek üçin ulanyp boljakdygyny görkezdi.
Häzirki wagtda kaktus armydy mallara iým hökmünde we aşpezlikde ulanylýar, ýöne onuň bio ýangyjyň çeşmesi hökmündäki potensialy indi açylyp başlandy. Geljekki barlaglar onuň önümçiligini optimallaşdyrar we bu çig maldan alnan bio ýangyjy has elýeterli eder.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....