Kia-nyň Gazagystandaky täze zawodynda 60 robot we 1500 adam işleýär

  • 30.06.2024 23:58
  • 11k+

Gazagystanda 2025-nji ýylyň maý aýynda işe girizilmek meýilleşdirilýän täze Kia zawody gurulýar. TengriNews agentliginiň habar bermegine görä, onuň önümçilik kuwwaty ýylda 70 müň awtoulag bolar.

Kärhanada önümçiligiň lokalizasiýa derejesini ýokarlandyrjak 1500 adam we 60-dan gowrak robot işlär.
Gurluşygyň alnyp baryljak döwründe, takmynan, 1200 iş orny dörediler.
Zawod 100 müň inedördül metr töweregi meýdany tutar. Gazagystan ony demir ýol geçelgeleri bilen birlikde, infrastruktura bilen üpjün etdi.
Zawodda ýylda oturgyçlar, işlenen gazy çykaryş ulgamlary, kuzowyň plastmassa bölekleri we elektrik žgutlar ýaly, 60 000 bölek şaýlar öndüriler.
Taslamanyň umumy maýa goýumy 200 million dollar töweregi.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4.1k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......