"Akylly" ösümlikler tapyldy. Olar öz "goňşularynyň gykylyklaryny eşidip bilýärler"

  • 30.06.2024 12:09
  • 4k+

ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň demirgazygynda giňden ýaýran ösgün solidago (Solidago altissima) diýip atlandyrylýan haşal ot howplara garşy durup biljekdigini subut etdi. Kornell uniwersitetiniň alymlary bu ösümligiň ot iýýän haýwanlaryň hüjümine sezewar bolan goňşularynyň duýduryş beriji yşaratlaryny “eşidýändigini” anykladylar. Bu barada Science Alert -da neşir edilen barlagda aýdylýar.

Ýaprak iýýän liçinkalar solidagonyň ýapraklaryny iýip başlanda, ösümlik uçýan  organiki birleşmeleri (UOB) çykarýar. Şol UOB-lar, şeýle hem ýapraklardan serpikýän gyzyl yşygyň şöhlelenmesindäki üýtgeşmeler howpuň golaýdygyny beýleki ösümliklere yşarat edýär.
Yşarat alan solidagolar wagşylara garşy goragyny güýçlendirip, ösüşini çaltlaşdyrýar we mör-möjeklere garşy haýwanlaryň immunitetine meňzeş maddalary öndürip başlaýar.
Öňdebaryjy barlagçy we daşky gurşaw boýunça himik Andre Kessler: "Solidago asuda we gizlin ýagdaýda diňe bir daş-töweregindäki maglumatlary gaýtadan işlemek bilen çäklenmän, geljekki şertleri öňünden görmek bilen, olara öz wagtynda taýynlanýar" – diýip tassyklaýar. Alym munuň “oýlanyşykly” üýtgedilýän hereketdigine ynanýar.
Merkezi nerw ulgamynyň ýokdugyna garamazdan, ösümlikler öýjüklerini himiki yşaratlara jogap berýän torlarda baglanyşdyrýarlar.
Hünärmenler käbir ösümlikleriň maglumat alyşýandygyny öňem bilýärdiler, ýöne täze barlag ösümlikler dünýäsinde çylşyrymly aragatnaşyk ulgamlarynyň bardygyny nygtaýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....