Alymlar 100 million ýyl ozal ýaşap geçen, uçýan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar

  • 30.06.2024 11:56
  • 9.3k+

Alymlar Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň günbatarynda galyndylary tapylan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar. Bu barada Phys.org ylmy žurnaly ýazýar.

Nýu-Kertin uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda geçirilen barlagda galyndylaryň anyanguera pterozawrlar toparynyň wekili bolan Haliskia peterseni-ä degişlidigi anyklandy.
Anyanguera pterozawrlarynyň toparlary bütin dünýäde, şol sanda häzirki Braziliýanyň, Angliýanyň, Marokkonyň, Hytaýyň, Ispaniýanyň we ABŞ-nyň çäginde  ýaşapdyrlar.
Süňkler 2021-nji ýylda Kronozawrlar muzeýiniň dolandyryjysy Kewin Petersen tarapyndan tapylanam bolsa, alymlar olary indi anyklap bildiler.
Haliskia peterseni, takmynan, 100 million ýyl ozal ýaşap geçen, ganatlarynyň gerimi 4,6 metr töweregi bolan gorkunç uçýan süýrenijidir. Bu nusga anyangueryň ýa-da Awstraliýada şu wagta çenli tapylan beýleki pterozawryň iň doly gaňňylydyr. Ol aşaky we ýokarky äňleri, dişleri, oňurgany, gapyrgany, ganat süňklerini we aýagyň bir bölegini öz içine alýar.
Alymlaryň pikiriçe, Haliskia peterseni öz etlek dilini ulanyp balykdyr kellesi aýakly mollýusklar bilen iýmitlenen bolmaly. Bu pterozawryň galyndylary beýleki gadymy deňiz haýwanlarynyň galyndylaryny hem özünde jemleýän Kronozawr muzeýiniň ýygyndysynyň üstüni ýetirdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....