Gurbanguly Berdimuhamedow atly gezelenç etdi

  • 29.06.2024 01:41
  • 23k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport  toplumyna bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.
Hanbeg ahalteke bedewleriniň taryhynda ägirt uly şöhrat gazanan Meleguşuň nesil ugruna degişli bolup, ol Toýçy we Göwherli atly bedewleriň neslidir. Ýeri gelende aýtsak, Toýçynyň atasy ady rowaýata öwrülen Tyllanur öz döwründe gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi çapdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri atly gezelenji tamamlap, şöhratly bedewleriň neslinden bolan Hanbege minnetdarlygyň nyşany hökmünde aýratyn hormat bildirdi.
Hanbeg atly bedew Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanyna geldi. Akylly bedew aýaklaryny peşäp, türkmen halkynyň Milli Liderini ak ýola ugradýan mysaly başyny silkeledi.


düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.7k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......