Hindistanda ýaşy 41 müň ýyl bolan iň gadymy düýeguş höwürtgesi tapyldy

  • 28.06.2024 22:03
  • 12k+

Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynda ýaşy takmynan 41 000 ýyl bolan iň gadymy düýeguş höwürtgesi tapyldy. Höwürtge Wadodara uniwersitetinden arheologlaryň topary we Germaniýanyň, Awstraliýanyň we ABŞ-nyň hünärmenleri tarapyndan tapyldy.

Höwürtgede 911 düýeguş ýumurtgasynyň galyndylary bar. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, bu täsin açyş gadymy düýeguşlaryň özüni alyp barşy we ýaşaýan ýeri barada täze maglumatlary berýär.

"Çäkli meýdançada 3500-e golaý düýeguş ýumurtgasynyň gabygynyň tapylmagy diňe bir Günorta Hindistanda düýeguşuň taryhy barlygyny tassyklaman, eýsem dünýäde iň gadymy we meşhur düýeguş höwürtgesiniň bardygyny hem subut edýär" -diýip, Wadodaranyň MSU-synyň  arheologiýa we gadymy taryh kafedrasynyň dosenti Dewara Anil Kumar belläp geçdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....