Türkmen lukmanlary inçekeseli bejermek we onuň öňüni almak boýunça Minskide okuw geçdiler

  • 27.06.2024 13:55
  • 9.4k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň inçekesele garşy bejergini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan hünärmenleri Minskide ýörite okuw geçdiler.

Okuw Pulmonologiýa we ftizitariýa respublikan ylmy-amaly merkeziniň ýanyndaky BSGG-niň inçekeseli bejermek üçin täze dermanlary we düzgünleri ornaşdyrmak boýunça merkezinde geçirildi.
Okuw maksatnamasy häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny we BSGG-niň täze maslahatlaryna laýyklykda inçekeseli ýüze çykarmak, bejermek we onuň öňüni almak boýunça täze çemeleşmeleri göz öňünde tutup, inçekesele garşy göreş maksatnamasynyň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Okuwyň netijesinde oňa gatnaşanlar inçekesel hyzmatlaryny meýilleşdirmek, durmuşa geçirmek we gözegçilik etmek boýunça bilim aldylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......