Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni: kitaphanaçylaryň maslahaty, bäsleşigiň jemleri we "Kompozitor" filmi

  • 27.06.2024 13:45
  • 5.4k+

26-njy iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

Soňra Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekden, wagyz etmekden, onuň çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr.
Şol gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we “Kompozitor” atly çeper filmiň görkezilişi boldy. “Kompozitor” atly film Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi.
Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......