Bilermen Daşoguz welaýatynda tapylan tapyndylaryň gymmatlygy barada gürrüň berdi

  • 26.06.2024 15:55
  • 25k+

Biz ýakynda tapylan XII-XIII asyrlaryň tapyndylary barada eýýäm habar beripdik. “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň müdiri Parahat Aşyrow Vestiabad habarlar agentligine bu tapyndylaryň özboluşlylygy barada gürrüň berdi.

18 altyn we 3 kümüş teňňe, 61 altyn teňňe bölekleri we 8 dürli reňkli tapyndy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwkesen we Sarygamyş geňeşliklerinde ýerli ýaşaýjylar – Annamuhammet Durdyýew we Bibijemal Berdigylyjowa tarapyndan tapyldy. Tapyndylar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy.
Aşyrow bu tapyndylaryň türkmen halkynyň müňýyllyk şöhratly taryhynyň nobatdaky subutnamasydygyny belleýär. Teňňelerde Horezm hökümdarlarynyň – Tekeşiň we Alaeddiniň atlary ýazylypdyr. Olar 1077 – 1231-nji ýyllarda Horezmşalar döwletinde höküm sürüpdirler. Orta asyr taryhçylary Raşid ad-diniň we Hafyzy Abrunyň maglumatlaryna görä, bu nesilşalyk Begdili oguz taýpasyndan gaýdýar.
Alaeddin Abul Muzeaffar Tekeş Horezmşa Il-Arslanyň ogly bolupdyr. Onuň dolandyran döwri 1172-1200-nji ýyllara gabat gelýär. Bu döwürde Horezm Merkezi Aziýada iň kuwwatly döwletleriň birine öwrülipdir. Onuň çäkleri Aral deňzinden we Syrderýanyň aşaky akymyndan Zagrosa çenli uzap, Jendi, Maňgyşlagy, Horezmi, Horasany we Pars Yragyny-da öz içine alypdyr. Ol özüniň dolandyran ýyllarynda Horezmiň çägini iki esse giňeldipdir.
Köneürgençde Horezmşa Tekeşiň aramgähi saklanyp galypdyr. Halkyň arasynda oňa Şerepbabanyň aramgähi we Gökgümmez hem diýilýär.
Horezmşa Tekeş aradan çykandan soň onuň kiçi ogly Alaeddin Muhammet II, Jelaleddin Meňburnuň kakasy tagta geçýär. Ol Horezmiň çägini hasam giňeldipdir.

“Gymmatly tapyndylar orta asyrlarda Köneürgenç-Gürgenç şäherinden geçen esasy ugurlaryň biri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň çäginde tapyldy, bu dünýä belli beýik türkmen serkerdeleriniň we beýik ylym işgärleriniň ýaşan we döreden ýeridir. Köneürgenjiň ýaşaýjylary şäheriň ajaýyp ýadygärliklerine buýsanç bilen hormat goýýarlar” diýip, taryhy-medeni goraghananyň ýolbaşçysy belleýär.

P.Aşyrowyň belleýşi ýaly, Köneürgenç şäherinde beýik ýadygärlikleriň ençemesi, şol sanda Merkezi Aziýada iň beýik Gutlug Timuryň minarasy, şeýle-de Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Pirýar Weliniň aramgähleri saklanyp galdy. Aýratynam, Nejmeddin Kubranyň (XII-XIII asyrlar) aramgähi tapawutlanýar. Bu özboluşly binagärlik ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we hemişe dünýäniň dürli künjeginden köp sanly zyýaratçylary özüne çekýär.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......