Pariždäki Arap dünýäsi institutyna Magtymgulynyň arap dilindäki neşirleri gowşuryldy

  • 22.11.2025 14:14
  • 4.5k+

18-nji noýabrda Pariždäki Arap dünýäsi institutyna türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arap diline terjime edilen eserleriniň seýrek nusgalary gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Instituta gelen myhmanlary Dil we medeniýet merkeziniň, kitaphananyň ýolbaşçylary, institutyň prezidentiniň diplomatik geňeşçisi we administrasiýanyň wekilleri garşyladylar.
Türkmenistanyň wekillerine institutyň arap dilini, edebiýatyny we sungatyny wagyz etmek boýunça Fransiýanyň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri hökmünde alyp barýan işleri barada gürrüň berildi. Wekiliýetiň agzalary bilim maksatnamalary bilen tanyşdylar, Ýewropadaky iň uly arap dilindäki edebiýat kitaphanasyna baryp gördüler we häzirki arap sungatynyň sergisini synladylar.
Duşuşykda, şeýle hem, medeniýet we bilim ulgamynda, şol sanda bilelikdäki taslamalar we alyş-çalyş çäreleri boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen nusgawy şahyranyň kitaplary minnetdarlyk bilen kabul edildi we olar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky medeni alyş-çalyşda möhüm goşant hökmünde atlandyryldy.


düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
8.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
792

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......