Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ykdysadyýet ministri bilen ahalteke bedewleri bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşdy

  • 26.06.2024 11:36
  • 4.7k+

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda geçirilen türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ýangyç-energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribe munuň aýdyň güwäsidir. Şunda Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Bu kompaniýa bilen Türkmenistandaky iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu gaz käni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi boýunça ýangyjy ibermegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy milli derejede, şeýle hem üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlar üçin TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini nygtady.
Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryny nazara almak bilen, Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Emirlikleriň işewür toparlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda dürli pudaklary öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň çäklerinde gaz ýataklary özleşdirilýär, möhüm energetika desgalary, döwrebap senagat kärhanalary gurulýar. Bularyň ählisi işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we türkmen tarapynyň BAE-li hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem dünýäniň atçylyk medeniýetinde naýbaşy hasaplanylýan, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýan ahalteke bedewleri bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman behişdi bedewleriň gözelligine we türkmen ýigitleriniň çapyksuwarlyk sungatyna haýran galýandygyny aýdyp, ahalteke tohumyny aýawly saklamak we onuň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlaryny belledi.


düýn 19:40
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 19:24
1.4k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

düýn 11:55
8.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

düýn 11:06
5k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen gepleşikler geçirdi

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy...