Serdar Berdimuhamedow Dagystanda bolup geçen wakalar zerarly Wladimir Putine gynanç bildirdi

  • 25.06.2024 15:35
  • 32k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýekşenbe güni Mahaçkala we Derbent şäherlerinde näbelli adamlar ýaragly hüjüm guradylar. Hüjüm edenler polisiýa tarapyndan ýok edildi. Netijede 15-den gowrak polisiýa işgäri pida boldy.
Dagystanda 3 günlük matam yglan edildi. Ol 24-26-njy iýunda dowam eder.


06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

29.03.2026 01:10
16k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......

20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...